“Türkiýäniň serhetleriniň howpsyzlygy hakyndaky aladasyna düşünýäris”

Lawrow “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda garaýyş beýan etdi

1285662
“Türkiýäniň serhetleriniň howpsyzlygy hakyndaky aladasyna düşünýäris”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Türkiýäniň howpsyzlyk aladasyna düşünýändiklerini aýtdy

Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygynda başladan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda garaýyş beýan eden Lawrow, Türkiýäniň legal howpsyzlyk aladasyna ünsi çekdi we “Türkiýäniň serhetleriniň howpsyzlygy hakyndaky aladasyna düşünýäris” diýdi.

Lawrow ABŞ-nyň sebitde alyp baran syýasatlary netijesinde şeýle operasiýanyň guralýandygyny belledi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky harby gepleşikleriň dowam etjekdigini nygtady

 



Degişli Habarlar