“Türkiýäniň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýada deňagaramly güýç ulanjakdygyna ynanýaryn”

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg, Türkiýäniň günorta serhetlerine terror howpynyň abanýandygyny aýtdy

“Türkiýäniň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýada deňagaramly güýç ulanjakdygyna ynanýaryn”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Türkiýäniň günorta serhetlerine terror howpynyň abanýandygyny aýtdy

Italiýanyň paýtagty Rimde Premýer ministri Konte bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama beren Stoltenberg, Türkiýäniň günorta serhedinde döredilmäge çalşylýan terror koridoryny ýok edip, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi maksady bilen başladan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda NATO maglumat berendigini aýtdy

“Türkiýäniň legal howpsyzlyk aladasy bar we terrrçylykly hüjümlere sezewar boldy” diýen Stoltenberg, Türkiýäniň şol bir wagtda köp sanly bosguna ýer eýeçiligini edýändigine ünsi çekdi.

Stoltenberg “Türkiýäniň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýada parasatly çemeleşjekdgine we deňagaramly güýç ulanjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Stoltenberg ertir Türkiýä gurajak resmi saparynyň çäginde Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

 

 

 


Etiketkalar: parasatly , alada , NATO

Degişli Habarlar