Tramp ozalky Prezident Obamanyň ekstremist terrorçylar bilen hyzmatdaşlyk edendigini boýun aldy

Tramp özünden öňki Prezidenti Obamanyň terror guramasy PKK bilen ylalaşandygyny, onuň ýalňyşlykdygyny aýtdy

1285156
Tramp ozalky Prezident Obamanyň ekstremist terrorçylar bilen hyzmatdaşlyk edendigini boýun aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özünden öňki Prezidenti Barak Obamanyň ekstremist terror guramasy PKK bilen ylalaşandygyny, onuň ýalňyşlykdygyny aýtdy

Donald Tramp Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda geçirilýän “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy barada beýanat berdi.

Ozalky Prezident Barak Obamanyň ekstremist terrorçylar bilen hyzmatdaşlyk edendigini boýun alyp, ony “ýalňyşlyk” hökmünde häsýetlendiren Donald Tramp: “Türkiýe uzak ýyllardan bäri ganhor duşmany PKK garşy göreşýär” diýdi.

Türkiýäniň şeýlede siriýaly millionlarça bosguny kabul edendigini ýatladan ABŞ-nyň Prezidenti: “Türkiýe bolmadyk bolsady, olar dünýäniň çar tarapyna ýaýrardy” diýdi.

Amerikan goşunlaryny Siriýadan yza çekmek baradaky kararynyň ýerliklidigini beýan eden Tramp: “Bu soňy ýeten urşy bes etmegiň wagty geldi” diýdi.



Degişli Habarlar