Moskwada türk datlylaryna uly isleg bildirildi

Russiýanyň paýtagty Moskwada Ginnesiň rekortmeni türk aşpeziniň taýarlan türk datlylaryna uly isleg bildirildi

Moskwada türk datlylaryna uly isleg bildirildi

Geçen ýyl taýarlan ýarym tonnalyk baklawasy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Mahmut Dolmajy “Krokus Expo” sergi merkezinde geçirilen 22-nji Halkara “Pir Expo” sergisinde türk datlylaryny taýarlady.

Baklawadan künefä çenli taýarlan köp sanly datlylaryna uly isleg bildirilen Dolmajy, gelenlere datlylaryň taýarlanyşyny gürrüň berdi.

Dolmajy beren beýanatynda ruslara türk medeniýetini tanyşdyrýandyklaryny nygtap: “Ruslar taýarlan datlylarymyzy işdä bilen iýdiler. Datly iýme endiklerini üýtgedäýdik öýdýärin. Çünki biziň datlylarymyz hakykatan hem süýji” diýdi.


Etiketkalar: Moskwa , baklawa , Türk datlylary

Degişli Habarlar