Katar “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna goldaw berýär

Akar Katarly kärdeşine “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda maglumat berdi

Katar “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna goldaw berýär

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Kataryň Goranmak ministri Halid Bin Muhammed Al Atiýýe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda maglumat berdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, ministr Akar, Kataryň Goranmak ministri Halid Bin Muhammed Al Atiýýe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Hulusi Akar telefon söhbetdeşliginde Katarly kärdeşine Ýefrat derýasynyň gündogarynda başladylan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda maglumat berdi.

Akar operasiýanyň Türkiýäniň halkara hukuk kadalaryna we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň terror guramalaryna garşy göreş baradaky kararlaryna laýyklykda guralýandygyny belledi.

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň, Siriýanyň territorial bitewiligine sarpa goýýandygyny nygtan Akar, operasiýada diňe terrorçylara degişli gowaklaryň, gaçybatalgalaryň we  ýaraglaryň nyşana alynýandygyna ünsi çekdi.

Kataryň Goranmak ministri Halid Muhammed Al Atiýýe hem “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna goldaw berýändiklerini belledi.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: operasiýa , goldaw bermek , Katar

Degişli Habarlar