“Türkiýäniň operasiýa gurama ähtimallygy bolan ýolundan çekildik”

Bu barada ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň (Pentagon) Metbugat sekretary Jonatan Hoffman beýanat berdi

“Türkiýäniň operasiýa gurama ähtimallygy bolan ýolundan çekildik”

Jonatan Hoffman: “Siriýanyň demirgazygyndaky Amerikan esgerleriniň howpsyzlygyny üpjün etmek üçin Türkiýäniň operasiýa gurama ähtimallygy bolan ýolundan çekildik” diýdi.

Prezident Donald Trampyň Türkiýäniň guramagy ähtimal operasiýasy sebäpli Siriýanyň demirgazygyndaky käbir etraplarda ornaşan Amerikan esgerlerini çekmek baradaky kararyny Pentagona geňeşmändigi bilen bagly habarlara reaksiýa bildiren Hoffman: “Tersine edilen ýalňyş habarlara garamazdan Prezident Türkiýäniň harby operasiýasy sebäpli Siriýanyň demirgazygyndaky şertler we Amerikan esgerlerini goramak boýunça ministr Espere we Baş ştabyň başlygy Milleýe geňeşdi” diýdi.

Hoffman şeýle diýdi: “Ministrlik durnuklylygy üpjün etmek üçin iň ýerlikli ýoluň Siriýada howpsyz zolagyň döredilmegi baradaky pozisiýasyny gorap saklaýar. Gynansagam Türkiýe bir taraply ädim ätmegi saýlap aldy. netijede Siriýanyň demirgazygyndaky Amerikan esgerleriniň howpsyzlygyny üpjün etmek üçin Türkiýäniň operasiýa gurama ähtimallygy bolan ýoldan çekildik. Häzirki wagtda Siriýadaky harby güýçlerimizde haýsydyr bir özgerlişik ýok.”



Degişli Habarlar