“Pakistan terrorizmiň ähli görnüşlerine garşy Türkiýäni goldaýar”

Pakistanyň Federatiw bilim, hünär bilim we Milli miras ministri Şafkat Mahmood Prezident Erdogany we Türkiýäniň halkyny terörizme garşy goldaýandyklaryny beýan etdi

1284701
“Pakistan terrorizmiň ähli görnüşlerine garşy Türkiýäni goldaýar”

Mahmood Ankara guran saparynyň dowamynda “Anadoly” habarlar gullugyna beýanna berdi.

Mahmood Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ähli ugurlarda bolşy ýaly bilim pudagynda-da özüni görkezýändigini aýtdy.

İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köp sanly bilelikdäki taslamada öz beýanyny tapýandygyna ünsi çeken Mahmoog: “Mysal üçin Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligi TİKA Yslamabatda myhmanhana kompleksini gurmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de Pakistanda köp sanly mekdebiň gurulmagyna goldaw berdi. Magaryf gaznasynyň Pakistanda mekdepleri bar. İňňän ýakyn gatnaşyklarymyz bar we onuň hasam ösjekdigini tama edýärin” diýdi.

Türkiýede uniwersitetleriň iňňän ýokary standartlara eýedigini beýan eden Mahmood: “Pakistanly talyplar uzak ýyllardan bäri türk uniwersitetlerinden bilim almak üçin gelýär we onuň dowam etjekdigine ynanýarys. Şol bir wagtda türk ýaşlary hem Pakistanda bilim alsynlar” diýdi.

TİKA-nyň Yslamabatda syýahatçylyk, myhmanhana, açpezlik we dokma senagaty ugurlarynda tälim berýän “Kämilleşdiriş Merkezi” aty hünär öwrediş merkezini açmagyna kanagatanma bildiren Mahmood: “Bu iňňän ýerlikli maýa goýum. Türkiýe myhmanhana senagaty we syýahatçylyk pudaklarynda uly tejribä eýe” diýdi.

Türkiýäniň Kaşmir meselesinde Pakistany goldamagyna minnetdarlyk bildiren Mahmood: “Hindistan tarapyndan basylyp alynan Kaşmirde başdan geçirilen wakalarda Pakistana beren goldawy üçin Türkiýä diýseň minnetdar” diýdi.

Mahmoog Pakistanyň hem ähli ugurlarda bolşy ýaly Fetullahçy terror guramasyna garşy göreşde Türkiýäni elmydama goldandygyny nygtap: “Pakistanda terror guramalaryndan biri tarapyndan dolandyrylýan ähli mekdepleri aldyk we Magaryf gaznasyna tabşyrdyk. Prezident Erdogany we Türkiýäniň halkyny terrorizmiň ähli görnüşine garşy göreşde goldaýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar