Tramp: "Türkiýe NATO-nyň möhüm bir agzasydyr" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Türkiýäniň NATO-nyň möhüm bir agzasydygyny belledi

Tramp: "Türkiýe NATO-nyň möhüm bir agzasydyr" diýdi

Tramp sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen beren beýanatynda: "Ençeme tarap Türkiýäniň ABŞ-nyň uly bir söwda hyzmatdaşydygyny ýatdan çykarýar. Türkiýe F-35 harby uçarlarynyň polat gabarasyny ýasaýar. Şol bir wagtda Idlibde köp sanda adamyň halas edilmeginde maňa kömek berdi. Mundan başgada ruhany Bransonyň yzyna gaýdyp gelmegini üpjün etdi. Has möhüm bolan zat bolsa, Türkiýäniň NATO-nyň abraýy belent bir agzasydygyny ýatdan çykarmaň" diýip nygtady. 

Tramp, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 13-nji noýabrda özüniň çakylygyna laýyklykda ABŞ-e sapar gurajakdygyny habar berdi. 

Donald Tramp, Twitteriň üsti bilen beren beýleki bir beýanatynda bolsa, ABŞ-nyň ÝPG/PKK-a ýarag we pul kömegini bermäge dowam etdirýändigini aýan etdi. 

Tramp: "Siriýadan çekilmek etabynda bolup bileris, emma hiç bir ýagdaýda (ÝPG/PKK) kürtleri terk etmeýäris, olar aýratyn bir adamlar we gowy söweşijiler. Şol bir wagtda NATO hyzmatdaşymyz we söwda partnýorymyz bolan Türkiýe bilen gatnaşyklarymyz hem örän gowy" diýip habar berdi. 

 


Etiketkalar: NATO , Türkiýe , Erdogan , Donald Tramp

Degişli Habarlar