Russiýa terrora garşy göreşde Yraga goldaw bermäge dowam eder

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Erbile bardy

Russiýa terrora garşy göreşde Yraga goldaw bermäge dowam eder

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ýurdunyň terrora garşy göreşde Yraga goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Yragyň paýtagty Bagdatdan soň Erbile baran Lawrow, Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani bilen duşuşdy

Mesele hakynda Yragyň Kürt Awtanomiýasyndan berlen beýannamada, Neçirwan Barzani bilen Lawrowyň soňky syýasy wakalar we özara gatnaşyklar bilen birlikde terrora garşy göreş hakynda pikir alyşandygy nygtaldy

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow, ýurdunyň terrora garşy göreşde Yraga berýän goldawynyň dowam etjekdigini aýtdy.

 Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani hem özlerine beren goldawlary üçin Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putine sag bolsun aýtdy we saparyň özleri üçin diýseň möhümdigini belledi.

 



Degişli Habarlar