Owganystanda uniwersitetleriň birinde bombaly hüjüm guraldy

Hadysada 19 adam ýaralandy

1283837
Owganystanda uniwersitetleriň birinde bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň Gazna welaýatyndaky Gazna uniwersitediniň Bilim fakultetindäki synplaryň birine guralan bombaly hüjümde 19 adam ýaralandy.

Gaznanyň gubernatorlygy tarapyndan berilen beýanatda, synpa ýerleşdirilen bombanyň talyplaryň dersde bolan mahaly partladylandygyny habar berdi.

Hüjümde 19 talybyň ýaralanandygy aýdylýan beýanatda, ýaralanan adamlaryň hassahanada bejergi astyna alynandygy mälim edildi.

Ýaralanan adamlaryň 3-siniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy aýan edildi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.



Degişli Habarlar