Müsürde 1070 mugallym Musulman doganlar guramasyna agza bolandyklary sebäpli işden çykaryldy

Işden çykarlan mugallymlar tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi

Müsürde 1070 mugallym Musulman doganlar guramasyna agza bolandyklary sebäpli işden çykaryldy

 

Müsüriň Bilim ministri Taryk Şewki metbugata beren beýannamasynda, 1070 mugallymyň işden çykarlandygyny aýtdy

Ministr Şewki, mugallymlaryň Musulman doganlar guramasyna agza bolandyklary we olar hakynda gozgalan kazyýet işi sebäpli işden çykarlandygyny nygtady

Işden çykarlan mugallymlar tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.

Müsürde saýlanan ilkinji Prezidenti Muhammed Mursiniň 2013-nji ýylyň 3-nji iýulynda harby agdarlyşyk arkaly wezipesinden çetleşdirilmeginden soň birnäçe şäherde protest ýörişleri geçirlipdi we ýörişlere gatnaşan Musulman doganlar guramasyna agza müňlerçe adam dürli sebäplerden saklanypdy

Agdarlyşykdan soň gurlan hökümet 2013-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Musulman doganlar guramasyny “terror guramasy” hökmünde yglan edipdi.



Degişli Habarlar