Donald Tramp PKK bilen bagly beýanat berdi

Donald Tramp, özüniň Twitter hasabyndan, Hudson intitutynyň tejribeli Orta Gündogar hünärmenlerinden biri bolan Mişel Doranyň ABŞ-nyň Siriýa bilen bagly kararyna goldaw berýän maglumatlaryny paýlaşdy

Donald Tramp PKK bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýurdyň ozalky Prezidenti Barak Obama zamanynda ABŞ-nyň Siriýadaky kürtler bilen dälde, ekstremist terror guramasy PKK bilen hyzmatdaşlyk edilendigi baradaky maglumaty özüniň Twitter hasabyndan paýlaşdy.  

Donald Tramp, özüniň Twitter hasabyndan, Hudson intitutynyň tejribeli Orta Gündogar hünärmenlerinden biri bolan Mişel Doranyň ABŞ-nyň Siriýa bilen bagly kararyna goldaw berýän maglumatlaryny paýlaşdy.

Prezident Tramp, Doranyň: “Obama zamanynda kürtler bilen dälde, hyzmatdaşymyz Türkiýe Respublikasynyň ganym duşmany bolan PKK bilen hyzmatdaşlyk etdik. Bu syýasat bilen Türk-PKK söwaşiniň tohumlaryny ekdik we şol bir wagtda Türkiýäni Russiýa tarap itdik” diýip ýazan maglumatyny paýlaşdy.


Etiketkalar: Türkiýe , PKK , Donald Tramp

Degişli Habarlar