“Türkiýäniň legal howpsyzlyk aladalary göz öňünde tutulmaly”

BMG-niň Siriýa boýunça Ýörite wekili Ženewada metbugat ýygnagyny geçirdi

1280692
“Türkiýäniň legal howpsyzlyk aladalary göz öňünde tutulmaly”

BMG-niň Siriýa boýunça Ýörite wekili Geýr Pedersen ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan basylyp alynan etraplara guralmagy meýilleşdirilýän operasiýalar barada beýanat berdi.

Pedersen BMG-niň Ženewadaky ofisinde guran metbugat ýygnagynda Siriýanyň Konstitutsiýa toparynyň döredilmeginde Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň edýän tagallalarynyň ähmiýetiniň ýokarydygyny beýan etdi.

Pedersen: “Birinji maslahaty 30-njy oktýabrda şu ýerde, Ženewada geçirmek isleýärin” diýip, toparyň Siriýada hüjümleriň giňden bes edilmegine hem goşant goşjakdygyny aýtdy.

Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda ÝPG/PKK tarapyndan basylyp alynan etraplar üçin aladalanýandygyny aýdan Pedersen, Türkiýäniň etraba guramagy ähtimal operasiýasy baradaky soraga bolsa: “Türkiýäniň legal howpsyzlyk aladalary göz öňünde tutulmaly” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar