“Nebit satmasak ýurtda dartgynlyk ýüze çykar”

Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene nebit satmasalar ýurtda dartgynlygyň emele geljekdigini aýtdy

1280265
“Nebit satmasak ýurtda dartgynlyk ýüze çykar”

Paýtagt Tähranda nebit senagatyna degişli kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda çykyş eden Zengene, Eýranyň nebit pudagynyň ABŞ bilen dowam edýän ykdysady söweşiň alynky hatarynda durýandygyny belläp: “Nebit öndürmesek we satmasak ýurtda dartgynlyk ýüze çykar. Nebit satylmasa azyk önümlerini we enjamlary alyp bilmeris. Nebit satuwy bolmasa adaty durmuş hem dowam etmez” diýdi.

Zengene ABŞ-nyň Eýranyň nebit satuwyny doly bes etmegini nazarda tutýandygyny, emma şol maksada ýetip bilmejekdigini beýan etdi.

Halkara Russiýa energetika maslahatyna gatnaşmak üçin Moskwa giden Zengene Eýranyň döwlet mediasyna beren beýanatynda bolsa: “Bir taraply we bikanun çäreleriň öňüniň alynmagy üçin energiýa bazary syýasatdan garaşsyz bolmaly. Bu mesele uzak möhletde hem öndürijileriň hem-de sarp edijileriň bähbidine bolar” diýdi.

Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy “Aramko” guralan hüjümden soň nebit bazarynyň kadalaşýandygyny aýdan Zengene; “Şol hüjüm bilen Saud Arabystanynyň nebit önümçiligini ýarysyna çenli aşakladandygyna ynanmadym. Saud Arabystany meseläni syýasy taýdan ulaltdy we dünýäniň energetika howpsyzlygyna wehim abanýandygyny düşündirmek isledi” diýdi.

Zengene Saud Arabystany bilen elmydama gepleşikler geçirip biljekdiklerini, emma resmi Riýadyň oňa ýakyn durmaýandygyny öňe sürdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #nebit satuwy , #Eýran , #Zengene

Degişli Habarlar