Owganystanda Talibanyň hüjümleri dowam edýär

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynda terror guramasy Talibana agza terrorçylaryň guran hüjüminde 11 polisiýa işgäri ýogaldy

1279380
Owganystanda Talibanyň hüjümleri dowam edýär

Balhyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Münir Ahmed Ferhad, Talibana agza terrorçylaryň Şor Tepe etrabynyň merkezine 4 aýry tarapdan hüjüme geçendigini habar berdi.

Hüjümde 11 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny aýdan Ferhad, etraba goşmaça güýç gönükdirilendigini aýan etdi.

Şaýatlar hüjümden soň Talibana agza terrorçylaryň etrabyň merkezine girendigini habar berdiler.

Terror guramasy Taliban bolsa 30 howpsyzlyk gullukçysynyň öldürilendigini öňe sürdi.



Degişli Habarlar