Gollandiýa restoranlarda we kafelerde çilim çekilmegini doly gadagan etdi

Karar şu günden başlap güýje girdi

1277693
Gollandiýa restoranlarda we kafelerde çilim çekilmegini doly gadagan etdi

Gollandiýanyň Döwlet geňeşi restoranlarda we kafelerdäki ýapyk çilim çekilýän bölümler üçin berilen ýörite rugsadyň güýjüniň bolmandygy hakynda karar kabul etdi

Döwlet kazyýetinden berilen ýazmaça beýannamada Gaganyň kazyýetiniň kabul eden kararynyň ýerliklidigi nygtalyp, restoranlarda we kafelerde çilim çekilýän üsti ýapyk bölümler üçin berilen ýörite rugsadyň şu günden başlap güýjüni ýitirendigi habar berildi.

Karara esas hökmünde restoranlaryň we kafeleriň işgärleri bilen çilim çekmeýänleriň şol bölümlere baryp, islemese hem çilimiň tüssesine sezewar bolma ähtimallygy görkezildi.

Onuň bolsa Bütindünýä Saglygy Saklaýyş guramasynyň ylalaşygyna bap gelmeýändigi beýan edildi.



Degişli Habarlar