"ABŞ-nyň Russiýa goýan täze sanksiýalary kabul edilip bilinmez"

Russiýa degişli 5 gämi, 1 firma we 3 adam sanksiýa sanawyna alyndy

1277574
"ABŞ-nyň Russiýa goýan täze sanksiýalary kabul edilip bilinmez"

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin, ABŞ-nyň Russiýa goýan täze sanksiýalarynyň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.

Werşinin Amerikan hökümetiniň Russiýada käbir firmalara we şahyslara goýan täze sanksiýa kararyna garşylyk görkezdi.

Şol syýasatlaryň, ABŞ-nyň Russiýa garşy alyp barýan sanksiýa syýasatynyň dowamydygyny nygtan Werşinin, “Sanksiýa karary asla kabul edilip bilinmez”diýdi.

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden şu gün berlen beýanatda, Siriýadaky rus ýaragly güýçleriniň uçarlaryny ýangyç bilen üpjün edýän Russiýa degişli 5 gäminiň, 1 firmanyň we 3 adamyň sanksiýa sanawyna alynandygy nygtalypdy

2014-nji ýylyň mart aýynda Krymyň Russiýa tarapyndan anneksirlenmeginden we Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirlen wakalardan soň, ÝB we ABŞ bilen birlikde käbir ýurtlar Russiýa sanksiýa goýmaga başlapdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar