Eýran, Saud Arabystany bilen gepleşik geçirmäge taýar

“Biz Saud Arabystany bilen aýlawly ýada gönüden gepleşik geçirmäge taýar”

1277072
Eýran, Saud Arabystany bilen gepleşik geçirmäge taýar

 

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Abbas Musewi, Saud Arabystany bilen gepleşik geçirmäge taýardyklaryny nygtady

Musewi Anadoly Habarlar gullugyna Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda geçirlip bilinjek gepleşik hakynda beýanat berdi.

“Yrak tarapyndan geçiriljek Bagdat temaly maslahatyň çäginde Eýranyň we Saud Arabystanynyň wekiliýeti duşuşarmy?” diýen soraga jogap beren Musewi, “Biz Saud Arabystany bilen aýlawly ýada gönüden gepleşik geçirmäge taýar”diýdi.

Pakistanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we Yragyň iki ýurduň arasynda töwellaçy bolmak isleýändigini aýdan Musewi, resmi Tähranyň şol isleglere oňyn garaýandygyny belledi.

Pakistanyň Premýer ministri İmran Han düýn metbugata beren beýanatynda, Saud Arabystany bilen ABŞ-nyň özünden Eýran bilen aralarynda töwellaçy bolmagyny isländigini aýdypy

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar