Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda söwda gepleşikleri netijeli geçdi

Gepleşikleriň dowam etjekdigi habar berildi

1275426
Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda söwda gepleşikleri netijeli geçdi

Hytaýyň Daşary işler ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň ministrleriň orunbasarlary derejesindäki wekiliýetleriniň söwda gepleşikleriniň netijeli geçendigini beýan etdi.

Ministrligiň metbugat sekretary Gyng Suang paýtagat Pekinde geçiren metbugat ýygnagynda iki tarapdan ministriň orunbasary derejesinde Waşingtonda guran duşuşyklarynyň netijeli geçendigini aýtdy.

Gyng “Hytaý-ABŞ özara söwda we ykdysady wekiliýetleri Waşingtonda ministrleriň orunbasarlary derejesinde gepleşikler geçirdi, düşnüşmezliklere sebäp bolan ykdysady we söwda meseleler boýunça netijeli geňeşmeler boldy” diýdi.

Taraplaryň geljek aý Hytaý-ABŞ gepleşik toparynyň ýolbaşçylarynyň başlyklyk etmeginde Waşingtonda geçiriljek “13-nji Hytaý-ABŞ Söwda we Ykdysady Ýokary Derejeli Geňeşi” boýunça anyk ugurlary içginlik bilen seljerendigini beýan eden Gyng, taraplaryň degişli meseleler boýunça ýakyn gatnaşygy dowam etdirmek üçin ylalalaşandygyny aýtdy.

Taraplar iýul aýynyň ahyrynda Şanhaýda geçiren 12-nji gepleşik tapgyryndan netijesiz gaýdypdy.



Degişli Habarlar