Ruhani Nýu-Ýorkda Han bilen duşuşdy

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Nýu-Ýorkda Pakistanyň Premýer ministri İmran Han bilen duşuşdy

1275086
Ruhani Nýu-Ýorkda Han bilen duşuşdy

Eýranyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannama görä BMG-niň 74-nji Sessiýasynyň çäginde Nýu-Ýorkda bolýan Ruhani bilen Han özara gatnaşyklar, Eýran-Pakistan serhet howpsyzlygy, terrorçylyga garşy göreş, sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegi barada pikir alyşdylar.

İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary “kanagatlanarly we oňyn” diýip häsýetlendiren Ruhani, Hanyň Tährana guran saparynda ylalaşylan ugurlaryň gysga möhletde iş ýüzüne geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Han bolsa Paksitanyň sebitde dartgynlygyň azaldylmagy üçin ähli ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar