"Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda parahatçylyk ýola goýlup bilner"

Eýranyň Prezidenti n Ruhaniniň kömekçisi Aşina, Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda parahatçylygyň ýola goýlup bilinjekdigini nygtady

"Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda parahatçylyk ýola goýlup bilner"

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň kömekçisi Hüsameddin Aşina, Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda parahatçylygyň ýola goýlup bilinjekdigini nygtady

Prezidentiň ýanyndaky Strategik ylmy barlag merkeziniň başlygy wezipesini ýerine ýetirýän Aşina, Twitterden beren beýannamasynda, Saud Arabystanynyň milli nebit firmasyna degişli nebit önümçilik desgalaryna guralan hüjümden soň dartgynlaşan Eýran bilen ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda garaýyş beýan etdi.

Aşina beýannamasynda “ABŞ tarapyndna başladyljak her bir habry hereket sebitde uly söweşe sebäp bolar. Saud Arabystany tapawutly syýasat alyp baran halatynda Eýran bilen giň gerimli parahatçylyk ýola goýlup bilner” diýdi.

Saud Arabystanynyň milli nebit firmasy Aramko degişli iki nebit önümçilik desgasyna şenbe güni ýerli wagt bilen 04.00-da ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümden soň ýangyn bolupdy

Ýemendäki Husiler hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar