“Aramko” guralan hüjüm tarapsyz derňelmeli"

Sergeý Lawrow Saud Arabystanynyň nebit desgalaryna guralan hüjüm baradaky derňew işiniň tarapsyz bolmagynyň möhümdigini aýtdy

1272842
“Aramko” guralan hüjüm tarapsyz derňelmeli"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Saud Arabystanynyň nebit desgalaryna guralan hüjüm baradaky derňew işiniň tarapsyz bolmagynyň möhümdigini aýtdy

Lawrow “Deliller bilen goldanmaýan günäkärlemeler meseläni çözmegiň ýerine dartgynlygy hasam artdyrar” diýdi.

Sergeý Lawrow Nigeriň Daşary işler ministri Kalla Ankaurao bilen paýtagt Moskwada geçiren özara duşuşygyndan soň bilelikde metbugat ýygnagyny gurady.

Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy “Saudi Aramkonyň” desgalaryna guralan hüjüm barada garaýyşlaryny beýan eden Lawrow: “14-nji sentýabrda guralan hüjüme alada bildirýäris” ditýdi.

Lawrow hüjümiň tarapsyz we giňişleýin derňelmelidigini nygtap: “Derňeş işiniň tarapsyz bolmagy möhüm. Deliller bilen goldanmaýan günäkärlemeler meseläni çözmegiň ýerine dartgynlygy hasam ardyrar” diýdi.



Degişli Habarlar