“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy

Maksat asudalyk
nyşana terror

Stoltenberg Saud Arabystanynyň milli nebit firmasyna guralan hüjüme alada bildirdi

NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenberg Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasyna guralan hüjüme öz aladasyny bildirdi

Stoltenberg Saud Arabystanynyň milli nebit firmasyna guralan hüjüme alada bildirdi

“Anadoly” habarlar gullugynyň soraglaryna jogap beren Stolbenberg: “Global energiýa üpjünçiliginde bökdençlige sebäp bolýan wakalar NATO-nyň ähli hyzmatdaşlaryny aladalandyrýar. Wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys” diýdi.

Ähli taraplary parasatly çemeleşmäge çagyran Stoltenberg şeýle wakalaryň sebitiň howpsyzlygyna uly wehim salýandygyny nygtady.

Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy “Saudi Aramko” degişli 2 desga şenbe güni ýerli wagt boýunça sagat 4:00-da ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümlerden soň ýanmaga başlapdy.

Wakada adam pidasy ýok. Hüjüm bilen bagly haýsydyr bir tarap günäkärlenmändi. Husiler bolsa ýazmaça beýanatlarynda hüjümiň jogapkarçiligini boýun alypdy.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçler bolsa şu gün “Aramko” degişli desgalara guralan hüjümleriň Ýemeniň daşynda Eýrana degişli ýaraglar bilen guralandygyny beýan edipdi.

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan husiler soňky döwürde esasan Saud Arabystanynyň howa goranyş ulgamy tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilýän orta we uzak aralykly ballistiki raketalar we dronlar bilen ýurduň käbir ýerlerine hüjüm guraýar.



Degişli Habarlar