Ryza Pehlewi: "Eýran we Ysraýyl ýaňadandan hyzmatdaş bolar" diýdi

Eýranyň soňky Şasy Muhammed Ryza Pehlewiniň ogly Ryza Pehlewi, Eýran bilen Ysraýylyň günleriň birinde ýaňadandan hyzmatdaş boljakdygyny nygtady

1269079
Ryza Pehlewi: "Eýran we Ysraýyl ýaňadandan hyzmatdaş bolar" diýdi

Eýrandaky 1979-njy ýylda başdan geçirilen Ynkylapdan 2 ýyl ozal giden ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýaşaýan ogly Ryza Pehlewi Ysraýylyň gazedine interwýu berdi. 

Pehlewi Ysraýylyň meşhur gazetlerindejn biri bolan Ýedioth Ahronotha beren interwýusynda Eýran-Ysraýyl gatnaşyklary we Eýran bilen bagly beýanat berdi. 

Ähli dost ýurtlar bilen ikitaraplaýyn häsýetde gatnaşyklary gurmagyň tarapdarydygyny aýdan Pehlewi: "Gelejekdäki demokratik Eýranda, Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň dostlukly bolmagyna garaşýarys" diýip belledi. 

Eýranyň halkyna iň uly howpyň häzirki dolanşykdygyny aýdan Pehlewi: "Eýrandaky häzirki ýagdaý döwletiň esasy meselesidir we çürt-kesik ýurdumyzyň ýumrulmagyna sebäp bolar. Halkyň ýerine, dolanşygy goramak üçin oýlanyp tapylan bir ulgam" diýip habar berdi. 

 

 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Eýran

Degişli Habarlar