Rýabkow: "Halkara strategik durnuklylyk bozuldy, ýadro söweşiň başdan geçirilmek howpy bar"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Rýabkow Halkara strategik durnuklylygyň bozulandygyny, ýadro söweşiň başdan geçirilmek howpunyň bardygyny beýan etdi

1268429
Rýabkow: "Halkara strategik durnuklylyk bozuldy, ýadro söweşiň başdan geçirilmek howpy bar"

Sergeý Rýabkow, Russiýa Ýokary ykdysady okuw Milli derňew uniwersitetinde eden çykyşynda, halkara meseleleriň üstünde durup geçdi. 

Halkara strategik durnuklylygyň bozulandygyny aýdan Rýabkow: "Häzirki ýagdaýda ýadro söweşiň başdan geçirilmek howpy bar. Gynansagam bu bir hakykat" diýip belledi. 

ABŞ bilen Russiýanyň arasynda 2010-njy ýylda gol çekişilen Täze Strategik ýaraglaryň azaldylmagy ylalaşygynyň (New START) möhlediniň dolup barýandygyny aýdan Rýabkow: "Günbatar hyzmatdaşlarymyzyň hereketleri has hem berk boldy. ABŞ New START ylalaşygy babatynda gepleşiklere taýar däldigini belledi" diýip habar berdi. 

Sergeý Rýabkow, Russiýanyň ABŞ bilen strategik durnuklylyk bilen bagly gepleşiklere açykdygyny mälim etdi. 

 



Degişli Habarlar