Türkiýe terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde esasy orun eýeleýär

Stoltenberg Türkiýe bilen ABŞ-nyň Siriýanyň demirgazygynda utgaşykly ýagdaýda hereket etmeginden hoşal

Türkiýe terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde esasy orun eýeleýär

 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, guramanyň Türkiýe bilen ABŞ-nyň Siriýanyň demirgazygynda utgaşykly ýagdaýda hereket etmeginden hoşaldygyny nygtady

Stoltenberg Belgiýanyň paýtagty Brusselde NATO-nyň karargähinde 11-nji sentýabr hüjümlerini hatyralama çäresinden soň metbugata beýanat berdi.

Türk köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň soraglaryna hem jogap beren Stoltenberg, Türkiýäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde esasy rol oýnaýandygyna ünsi çekdi.

Stoltenberg “Türkiýe, Yraga we Siriýa goňşy ýurt. Türkiýesiz DAIŞ-e garşy göreşde üstünlik gazanmak gaty kyn bolardy. NATO Siriýada ýer almaýar emma iki agzasy ABŞ bilen Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygynda utgaşykly ýagdaýda hereket etmeginden hoşal”diýdi.

Stoltenberg Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Owganystan meselesi hakynda pikir alyşandyklaryny ýatlatdy

 



Degişli Habarlar