Russiýa Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahunyň sözlerine garşylyk görkezdi

Russiýa, Netanýahunyň Günbatar Şeriada ýerleşýän Iordan jülgesini “Ysraýylyň territoriýasyna degişli etmek” baradaky wadasyna garşy

Russiýa Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahunyň sözlerine garşylyk görkezdi

Russiýa, Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada ýerleşýän Iordan jülgesini “Ysraýylyň territoriýasyna degişli etmek” baradaky wadasyna garşylyk görkezdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Netanýahunyň Iordan jülgesi hakyndaky sözleriniň Arap dünýäsinde uly garşylyga sebäp bolandygy ýatladyldy

Beýanatda “Ysraýylyň sebitde dartgynlygyň artmagyna we Arap goňşulary bilen parahatçylygyň ýola goýulmagy baradaky tagallalaryň bökdelmegine sebäp boljak meýilnamalaryna alada bildirýäris” diýildi.

Beýanatda Palestina-Ysraýyl meselesiniň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna we Arap parahatçylyk meýilnamasynyň çäginde çözülmelidigine üns çekildi.

Ysraýylyň Premýer ministri 17-nji sentýabrda geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda beren beýanatynda ýaňadandan saýlanan halatynda “gysga wagtda Günbatar Şeriada ýerleşýän Iordan jülgesini ABŞ-nyň goldaw bermeginde Ysraýylyň territoriýasyna degişli etmegi” wada berdi.

 



Degişli Habarlar