Owganystanyň paýtagty Kabulda desantçy toparlaryň merkezine hüjüm guraldy

Hadysada 4 adam ýogaldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda desantçy toparlaryň merkezine hüjüm guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda desantçy toparlaryň merkezine bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 4 desantçy ýogaldy. 

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nasrat Rahimi, Kabulyň Rişhor diýilen ýerindäki desantçy toparlaryň merkezine bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guralandygyny habar berdi. 

Rahimi hüjümde 4 desantçynyň ýogalandygyny, 3-siniň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 

Hüjüm terror guramasy Taliban tarapyndan guraldy. 

 


Etiketkalar: Owganystan , hüjüm

Degişli Habarlar