Germaniýada bolan bina ýangynynda iki adam ýogaldy

Germaniýanyň Krefeld şäherinde 3 gatly binada ýüze çykan ýangynda 2 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy

Germaniýada bolan bina ýangynynda iki adam ýogaldy

Ýerli wagt bilen sagat 03:00-da başlan we irden gün dogýança çenli dowam eden ýangynyň netijesinde 3 gatly bina ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi. Binanyň 7 ýaşaýjysy ýangyn söndüriji topar tarapyndan halas edildi, halas edilen 7 adamyň 3-si hassahanada bejergi astyna alyndy.  

Ýangyn söndürijiler 20 adamyň ýaşaýan binadaky 13 adamyň bolsa öz mümkinçilikleri bilen daşaryk çykandygyny habar berdiler.

Polisiýa gullugy we ýangyn söndürijiler derňew işini başlatdylar.

Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde hem düýn we 2 gün ozal ýüze çykan ýangynlarda 2 adam ýogalypdy, käbirleriniň ýagdaýy agyr bolan köp sanda adam bolsa hassahanada bejergi astyna alyndy.


Etiketkalar: ýangyn , bina , Germaniýa

Degişli Habarlar