Eýran Netanýahunyň beýanatyny ýazgarýar

Eýran Netanýahunyň Iordan jülgesi baradaky wadasyna garşy

Eýran Netanýahunyň beýanatyny ýazgarýar

Eýranyň Daşary işler ministrligi, Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahunyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada ýerleşýän Iordan jülgesini “Ysraýylyň territoriýasyna degişli etmek” baradaky wadasyna garşylyk görkezdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Abbas Musewi mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda,  Premýer ministri Netanýahunyň 17-nji sentýabrda geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda ýaňadandan saýlanan halatynda “gysga wagtda Günbatar Şeriada ýerleşýän Iordan jülgesini ABŞ-nyň goldaw bermeginde Ysraýylyň territoriýasyna degişli etmek” baradaky wadasy hakynda garaýyş beýan etdi.

Eýranyň Netanýahunyň beýanatyny ýazgarýandygyny aýdan Musewi, käbir Arap ýurtlaryny Netanýahu bilen hyzmatdaşlyk etmekde günäkärledi

Musewi, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sentýabrda ýekşenbe güni mesele hakynda geçirjek maslahatynda musulman ýurtlarynyň Ysraýyla garşy alyp barjak tutumyna  ýurdunyň goldaw berjekdigini belledi.


Etiketkalar: Ysraýyl , ýazgarmak , Eýran

Degişli Habarlar