Tramp Ruhani bilen şertsiz duşuşmaga taýar
“Prezident Tramp, Ruhani bilen şertsiz duşuşmaga taýardygyny açyk aýdyn beýan etdi”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Prezident Donald Trampyň “şertsiz” Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşmaga taýardygyny aýtdy.
Pompeo bilen ABŞ-nyň Gazna ministri Stewen Mnuçin, Trampyň tassyklanan terrora garşy göreşiň çäginde goýlan sanksiýalaryň göwrümini giňeldýän kararnamasy hakynda düýn Ak Tamda metbugata beýanat berdi.
Tramp bilen Ruhaniniň üstümizdäki aýyň ahyrynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde duşuşyp duşuşmajakdygy hakyndaky soraga jogap beren Pompeo “Prezident Tramp, Ruhani bilen şertsiz duşuşmaga taýardygyny açyk aýdyn beýan etdi” diýip jogap berdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp geçen hepde beren beýanatynda, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde Eýranyň Prezidenti Ruhani bilen duşuşyp biljekdigini aýdypdy