Tramp, Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Boltony wezipesinden boşatdy

Tramp "Jonyň wezipesinden çekilmegini islmedim" diýdi

1267227
Tramp, Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi  Boltony wezipesinden boşatdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Twitterden beren beýanatynda, düýn gije Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jon Boltony wezipesinden boşadandygyny mälim etdi.

Boltonyň birnäçe teklibine garşy çykandygyny we käbir ýolbaşçylaryň hem bu meselede özü bilen şol bir garaýşa eýedigini nygtan Tramp “Şol sebäpli hem Jonyň wezipesinden çekilmegini islmedim we Jon Bolton şu gün irden wezipesinden çekilýändigi hakyndaky arzasyny gowşurdy. Boltona eden hyzmatlary üçin sag bolsun aýdýaryn” diýdi.

Jon Bolton hem Twitter arkaly “Prezident Trampa düýn gije wezipämden çekilmek isleýändigimi beýan etdim we maňa “Bu meseläni ertir ara alyp maslahatlaşaly diýdi” diýip beýanat beripdi.

 



Degişli Habarlar