Russiýa ABŞ-nyň raýatlaryna garşy sanksiýalaryny giňelder

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow, ABŞ-nyň raýatlarynyň Russiýa girmekleri bilen bagly çäklendirmeler sanawyny giňeltjekdiklerini habar berdi

Russiýa ABŞ-nyň raýatlaryna garşy sanksiýalaryny giňelder

Sergeý Rýabkow, paýtagt Moskwada ABŞ-nyň Surgut sebitiniň Derňew komitetinde işleýän işgärleriň sanksiýa sanawyny alynmaklary bilen baglanşykly beýanat berdi.

ABŞ-nyň Russiýa garşy şowsuz basyşly syýasat alyp barmaga dowam edýändigine ünsi çeken Rýabkow: “Elbetde ABŞ-nyň raýatlarynyň ýurdumyza girmekleri bilen baglanşykly çäklendirmeler sanawyny giňelderis” diýip habar berdi.

Rýabkow, ABŞ-nyň iki ýurdyň arasynda başdan geçirilýän meseleleriň jogapkäridigini nygtady.

ABŞ, Russiýanyň Surgut şäherindäki Sebitleýin Derňew kimitediniň 2 işgärini, Ýehowanyň şaýatlarynyň hukuklaryny bozandygy we olara zulum edendikleri sebäpli sanksiýa sanawyna alypdy.

Russiýanyň Ýokary kazyýeti 2017-nji ýylda Adalat ministrliginiň Ýehowanyň şaýatlary guramasynyň gadagan edilmegi bilen bagly arzany gözden geçirip, topary aşa hökmünde kabul edip, onuň dargadylmagyna we ýurtda gadagan edilmegine karar beripdi.

Kararda Russiýada Ýehowanyň şaýatlaryna degişli 395 toparyň işleriniň bes edilmegi we emläkleriniň ellerinden alynmagy islenipdi.

ABŞ, Russiýanyň ady agzalan kararyna reaksiýa bildirip, Ýehowanyň şaýatlarynyň işlerine girizilen gadagançylygyň ortadan aýrylmagyny isläpdi.

Ýehowanyň şaýatlary hem öz gezeginde karara nägilelik bildirip, mesele boýunça Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetine ýüz tutupdy.



Degişli Habarlar