Ermenistanda we Indoneziýada ýer titremesi boldy

Ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä, ýogalan ýada ýaralanan bolmady

Ermenistanda we Indoneziýada ýer titremesi boldy

 

Ermenistanyň demirgazygynda Gruziýa serhediniň golaýynda ýerleşýän Taşir şäherinde 4,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy barlag  merkezi Taşir şäheriniň 11 kilometr günbatarynda 4,7 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.

Ýer titremesiniň ýeriň 7,6 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy

Beýleki tarapdan Indoneziýanyň Demirgazyk Sulawesi welaýatynda hem 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä, ýogalan ýada ýaralanan bolmady

Ýer titremesinden soň sunami duýduryşy berilmedi

 



Degişli Habarlar