Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda guralan bombaly hüjümde 1 adam ýogaldy

Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Nangarhar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Ataullah Hogýani, Nangarharyň meşhur lukmanlaryndan biri bolan Newruz Şinwariniň ulagyna ýerleşdirilen bombanyň, Jelalabad şäherinde partladylandygyny habar berdi. 

Hogýani hüjümde Şinwariniň ýogalandygyny aýan etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

 


Etiketkalar: hüjüm , Nangarhar , Owganystan

Degişli Habarlar