Hindistan Russiýadan aljak S-400 ulgamlary üçin awans pul berdi

Russiýanyň Wise-premýeri Ýuriý Borisow, Hindistanyň Russiýadan satyn aljak S-400 raketa we howa goranyş ulgamlary üçin awans pul berendigini habar berdi

Hindistan Russiýadan aljak S-400 ulgamlary üçin awans pul berdi

Ýuriý Borisow, Russiýanyň döwlet kanaly Russiýa 1-e beren beýanatynda, Hindistana satyljak S-400-ler bilen bagly meýilnamanyň kesgitlenen meýilnama laýyklykda dowam edýändigini mälim etdi. 

Gowşurylyş etabyny gysga wagt soň başlamagy meýilleşdirýändiklerini aýdan Borisow: "Ulgamlaryň awans puly berildi. Meýilnama laýyklykda gowşurylyş etaby 18-19 aýyň içinde başlar" diýip aýan etdi. 

Hindistana satyljak 5 batareýadan ybarat jemi 5,43 milliard dollarlyk S-400 ulgamlary bilen bagly ylalaşyk iki ýurdyň arasynda 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda baglaşylypdy. 

 


Etiketkalar: S-400 , Hindistan , Russiýa

Degişli Habarlar