Demirgazyk Koreýa raketa synagyny geçirdi

Demirgazyk Koreýa ýerli wagt bilen 06.53-de we 07.12-de Gündogar deňzine tarap gysga menzilli iki rakera uçurdy

Demirgazyk Koreýa raketa synagyny geçirdi

Demirgazyk Koreýa, ABŞ-na ýadro gepleşikleriniň üstümizdäki aýyň ahyrynda ýaňadandan başlamagyna oňyn garaýandygyny beýan etmeginiň yzy ýanyndan gysga menzilli raketa synagyny geçirdi.

Günorta Koreýanyň tarapyndan berlen beýanata görä, Demirgazyk Koreýa ýerli wagt bilen 06.53-de we 07.12-de Keoçon şäheriniň golaýyndan Gündogar deňzine tarap gysga menzilli iki rakera uçurdy

Beýanatda iki raketanyň hem 330 kilometrlik ýoly geçendigi nygtaldy emma deňize gaçyp gaçmandyklary hakynda maglumat berilmedi.

Günorta Koreýa bilen ABŞ-nyň merkezi razwetka güýçleriniň raketalaryň görnüşini anyklamaga çalyşýandygy bellenildi.

Beýanatda, Demirgazyk Koreýa sebitde dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolýan şuňa meňzeş hereketlerini gyssagly bes etmegi barada çagyryş berildi.

Synaglardan soň Günorta Koreýanyň Milli howpsyzlyk geňeşiniň gyssagly jemlenşendigi ýatladyldy

 

 



Degişli Habarlar