Maýk Pompeodan Talibana duýduryş

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Taliban bilen gepleşikleri bes etmek bilen bagly kararynyň arkasynda durýandyklaryny nygtady

Maýk Pompeodan Talibana duýduryş

 

Amerikan mediasyna interwýu beren Pompeo, Talibanyň 1 amerikan esgeriniň we 10-dan gowrak asuda ilatyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümi gurap, öte geçendigini beýan etdi.

Pompeo, Talibanyň guraýan hüjümleri bilen elinde bar bolan agalyk güýjüni hiç bir ýagdaýda artdyryp bilmejekdigine ünsleri çekip: “Terrory gepleşikler bilen bagly pozisiýasyny güýçlendirmek üçin ulanmaga synanyşdylar. Taliban öte geçdi. Sagdyn akylyň üstün çykjakdygyny umyt edýäris, galany bolsa Talibana bagly” diýip belledi.

Gepleşikleriň ýaňadandan başlamagy bilen bagly etabyň Talibanyň mundan soň etjek ädimlerine baglydygyny aýdan Pompeo, etaba ýakyndan gözegçilik etjekdiklerini beýan etdi.

Pompeo mundan başgada, Taliban bilen maslahatlaşylan maddalaryň biriniň Talibanyň Al Kaýda guramasy bilen bolan aragatnaşygyny dolulygyna goparmakdygyny, emma guramanyň bu wadany ýerine ýetirmändigini habar berdi.  



Degişli Habarlar