Fransiýada aşa yssy howa sebäpli 1500-den gowrak adam ýogaldy

Fransiýada 2003-nji ýylda yssy howa tolkuny sebäpli 15 müň adam ýogalypdy

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli 1500-den gowrak adam ýogaldy

 

Fransiýada iýun we iýul aýlarynda aşa yssy howa sebäpli 1500-den gowrak adamyň ýogalandygy habar berildi.

28-nji iýunda ýurduň günortasynda  howanyň ýylylygy 46 gradusa çenli baryp ýetdi

Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministri Anes Buzyn, “Iýun-iýul aýlarynda aşa yssy howa tolkuny sebäpli ýogalanlaryň sany 1500 adamdan geçdi. Howanyň ýylylygy sebäpli görlen çäreler netijesinde şu ýyl yssy howa sebäpli ýogalanlaryň sany 2003-nji ýyldaky yssy howa tolkuny sebäpli ýogalanlaryň sanyndan 10 esse az” diýdi.

Fransiýada 2003-nji ýylda başdan geçirlen we 20 gün dowam eden yssy howa tolkuny sebäpli 15 müň adam ýogalypdy


Etiketkalar: tolkun , Fransiýa , yssy howa

Degişli Habarlar