ABŞ Siriýada terror guramasy ÝPG/PKK kömek bermäge dowam edýär

ABŞ ÝPG/PKK 55 konteýnerlik kömek ugratdy

ABŞ Siriýada terror guramasy ÝPG/PKK kömek bermäge dowam edýär

 

ABŞ düýn agşamara Siriýa-Yrak serhedindäki Simelka gümrük geçelgesinden ÝPG/PKK 55 konteýnerlik kömek ugratdy

ÝPG/PKK-nyň basyp alyşlygy astyndaky Aýn İsa we Şeddaly etraplaryna tarap giden konteýnerlerde iş maşynlarynyň we ulaglaryň bardygy görüldi.

ABŞ 4-nji sentýabrda hem ÝPG/PKK iş maşynlaryndan, generatorlardan we ýangyç tankerlerden doly 60 konteýnerlik kömek beripdi.

ABŞ-dan kömek almaga dowam edýän ÝPG/PKK, beýleki tarapdan Türkiýe serhedinde tunel gazmaga dowam edýär

ÝPG/PKK-nyň Şanlyurfanyň Akçakale etrabynyň golaýynda Siriýanyň Tel Abýad etrabynda tunel gazýandygy öňe sürülýär

Anadoly Habarlar gullugy 5-nji sentýabrda ÝPG/PKK Anularab, Tel Abýad we Syrryn etraplarynda tunel gazýandygyny habar beripdi.

 


Etiketkalar: konteýner , terrorçy , kömek

Degişli Habarlar