Boris Jonsonyň musulman Zenanlardan ötünç soramagyna garaşylýar

Jonsonyň musulman zenanlar baradaky sözleri ýigrenç jenaýatlarynyň artmagyna sebäp bolupdy

1264050
Boris Jonsonyň musulman Zenanlardan ötünç soramagyna garaşylýar

Britaniýada oppozisiýadaky Zähmetleşler partiýasynyň halk deputaty Tanmanjet Singh Dhesi Premýer ministr Boris Jonsonyň musulman zenanlardan aýdan ozalky sözleri sebäpli ötünç soramagyny isledi.

İňlis mejlisinde çykyş eden Dhesi özüniň hem daşky görnüşi sebäpli kiçilikden ýekiriji sözlere duçar bolandygyny beýan etdi.

Dhesi: “Onsuz hem biynjalyk bolýan musulman zenanlaryň “bank ogrylary” ýa-da “poçta gutulary” hökmünde häsýetlendirilmekleri sebäpli ynjydylmagyna we gynanjyna düşünýäris. Boris Jonson kemsidiji hereketi we rasist sözleri sebäpli haçan ötünç sorarka” diýdi.

Jonsonyň sözleriniň ýurtda ýigrenç jenaýatlarynyň artmağyna sebäp bolandygyny öňe süren Dhesi; “Ýigrenç jenaýatlarynyň artmagynyň sebäbi rasist sözler. Premýer ministr öz partiýasynda yslama fobiýanyň derňelmegi üçin iş gozgarka” diýdi.

Awgust aýynda wezipesine girişen Britaniýanyň Premýer ministri Jonsonyň geçen aý “Deýli Telegraf” gazetine ýazan makalada çadyra dakynýan Zenanlary “poçta gutusyna” we “bank ogrusyna” meňzetmeginden soň ýurtda musulmanlara garşy ýigrenç jenaýatlary 375 göterime çenli artdy.



Degişli Habarlar