Ukrainada ýurdyň täze Premýer ministri saýlandy

Ukrainada ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý tarapyndan parlamente teklip edilen Alekseý Gonçaruk täze hökümetiň Premýer ministri boldy

1261309
Ukrainada ýurdyň täze Premýer ministri saýlandy

Möhletinden ir geçirilen umumy saýlawlardan soň Werhownaýa Rada ady bilen tanalýan Ukrainanyň parlamentinde kasam eden deputatlar, ilkinji maslahatyny geçirdiler. 

Parlamentiň ilkinji iş gününde täze hökümetiň gurulmagy üçin ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Halkyň hyzmatkäri partiýasynyň deputaty Alekseý Gonçarukyň Premýer ministr wezipesine dalaşgärlik teklibini parlamente berdi. 

Zelenskiniň hem gatnaşan parlamentiň ilkinji oturlyşygynda geçirilen sese goýulşykda 418 deputatyň 290-synyň sesini alan Alekseý Gonçaruk ýurdyň täze Premýer ministri boldy. 

Wezipesine Ministrler kabinetiniň mejlisiniň täze agzalaryny saýlamak bilen başlajak 35 ýaşyndaky Alekseý Gonçaruk Ukrainanyň taryhyndaky iň ýaş Premýer ministr boldy. 

 



Degişli Habarlar