Tramp Dorian tupany sebäpli Polşa saparyny goý bolsun etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Florida ştatyna ýaramaz täsir ýetirmegine garaşylýan Dorian tupany sebäpli Polşa saparyny goý bolsun etdi we özüniň ýerine Wise-prezident Maýk Pensiň bu ýurda gitjekdigini mälim etdi

1261286
Tramp Dorian tupany sebäpli Polşa saparyny goý bolsun etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, bu kararyny ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň döredilmegi mynasybetli Ak Tamyň howlusynda geçirilen metbugat ýygnagynda belläp geçdi. 

Tramp: "Dorian tupany bilen baglanşykly taýarlyk we beýleki işleri ýakyndan gözegçilik edip bilmek üçin bu ýerde galmagymyň has gowy boljakdygy barada karara geldim. Meniň ýerime Polşa Wise-prezident Maýk Pens gider" diýip habar berdi. 

Tramp, mundan başgada Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda bilen söhbetdeş bolandygyny we ýakyn wagtda bu ýurda sapar guramak barada meýilnama düzjekdiklerini aýan etdi. 

Tupanyň öňümizdäki hepdäniň duşenbe güni ABŞ-e ýetmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar