Putin, Merkel bilen Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1260871
Putin, Merkel bilen Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Kreml tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Putiniň Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy mälim edildi. 

Telefon söhbetdeşliginde, Siriýanyň Idlib sebitindäki ýagdaýyň ele alynandygy aýdylýan beýanatda: "Taraplar, Konstitutsion komitediniň iň gysga wagtda emele getirilmeginiň möhümdigini bellediler" diýip aýan edildi. 

Ukrainanyň gündogaryndaky krizisiň Minsk ylalaşygynyň çäginde çözülmeginiň gerekdigine ünsler çekilen beýanatda, Normandiýa formatyndaky işleriň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşandyklary habar berildi. 

Beýanatda, Russiýa bilen Germaniýanyň Liwiýa meselesiniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegini goldamaga dowam etjekdikleri nygtaldy. 

Eýranyň ýadro ylalaşygynyň hem maslahatlaşylandygy aýdylýan beýanatda: "Ylalaşygyň goralmagy babatynda, taraplaryň edýän tagallalarynyň birleşdirilmeginiň gerekdigi bellendi" diýip mälim edildi. 

 


Etiketkalar: #ylalaşyk , #Kreml

Degişli Habarlar