Eýran Ýaponiýany Ormuz bogazy üçin dörediljek hyzmatdaşlyga gatmazlyga çagyrdy

Eýran Ýaponiýany ABŞ-nyň Ormuz bogazy üçin döretmäge synanşýan halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmazlyga çagyrdy

1260560
Eýran Ýaponiýany Ormuz bogazy üçin dörediljek hyzmatdaşlyga gatmazlyga çagyrdy

Ýaponiýanyň “Kýodo” habarlar gullugy düýn Ýokohama şäherinde Ýaponiýanyň Premýer ministri Abe Şinzo bilen Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarifiň geçiren duşuşygy hakynda ýapon diplomatik çeşmelerine esaslanyp, habar çap etdi.

Habarda beýan edilmegine görä duşuşykda resmi Tähran Ormuz boğazynda we etraplarynda ABŞ tarapyndan döredilmäge synanşylýan halkara hyzmatdaşlygyna garşydygyny beýan eden Zarif, daşary  ýurtlaryň harby güýçleriniň sebitde howpsyzlygy üpjün etmeýändigini, tersine durnuksyzlaşdyrýandygyny duýduryp, Ýaponiýany hyzmatdaşlyga gatnaşmazlyga çagyrdy.

Zarifin ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli saklanan Eýranyň Ýaponiýa nebit eksporty barada-da Abe bilen pikir alyşandygy beýan edildi.

Amerikan hökümeti maý we iýun aýlarynda Pars aýlagynda we etraplarynda nebit tankerlerine guralan hüjümlerden Eýrany jogapkär saýyp, aýlagdaky sapar howpsyzlygyny üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlyk döretjekdigini beýan edipdi.

ABŞ-nyň döretmek isleýän hyzmatdaşlygyna Britaniýa we Awstraliýa gatnaşjakdygyny beýan edipdi.

ABŞ-nyň harby hyzmatdaşy bolandygyna garamazdan Eýran bilen gowy gatnaşyklar edip gelýän Ýaponiýanyň hyzmatdaşlyga goşulyp goşulmajakdygy näbelli bolmagynda galýar.



Degişli Habarlar