Russiýanyň Krasnodar şäherinde bir dikuçar ýere gaçdy

Wakada 1 adam ýogaldy

Russiýanyň Krasnodar şäherinde bir dikuçar ýere gaçdy

Russiýanyň Krasnodar şäherinde dermanlamak işlerini ýerine ýetirýän MI-2 kysymly bir dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 1 adam ýogaldy.

Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, MI-2 kysymly dikuçar, Krasnodar şäheriniň Kanewsk diýilen ýerinde ekin meýdanlaryny dermanlaýarka ýere gaçdy.

Näme sebäpli ýere gaçandygy entek anyklanmadyk hadysada dikuçaryň uçarmany ýogaldy.

Hadysa bilen bagly derňew işi başladyldy.


Etiketkalar: dikuçar , Krasnodar , Russiýa

Degişli Habarlar