Fransiýada G7 Liderler maslahaty başlady

Maslahatyň ertir liderler tarapyndan geçiriljek metbugat ýygnagy bilen tamam bolmagyna garaşylýar

Fransiýada G7 Liderler maslahaty başlady

 

ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Kanadanyň we Italiýanyň liderleriniň gatnaşmagyndaky G7 Liderler maslahaty, düýn Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ýurdyň günorta-günbataryndaky Biarris şäherinde liderleriň hormadyna beren agşam nahary bilen öz işine başlady.

Emmanuel Makron, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli, Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsony, Italiýanyň Premýer ministri Juzeppe Konteni, Ýaponiýanyň Premýer ministri Sinzo Abeni, Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudony we Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Donald Tasky Biarris şäherindäki Hotel du Palaisde garşylady.

Liderler ondan soň Makronyň ýer eýeçilik etmeginde agşam naharyna geçdiler.

Düýn günortan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşyk geçiren Makron, maslahatdan ozal Merkel we Abe bilen hem aýry-aýry duşuşyk geçirdi.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker birnäçe gün ozal geçiren operasiýasy sebäpli maslahata gatnaşyp bilmedi.

Maslahatyň esasy temasy deňsizlige garşy göreş diýip kesgitlendi.

Maslahatda howpsyzlyk, klimat çalşygy, zenanlara garşy bidüzgünçilikler we jynsy deňlik ýaly temalaryň ara alynyp maslahatlaşyljakdygy mälim edildi.

Liderleriň Ukraina, Siriýa, Eýran we Breksit ýaly meseleleri hem maslahatlaşmaklaryna garaşylýar.

Liderler şu gün “Halkara ykdysadyýet/söwda we halkara howpsyzlyk meseleleri boýunça kalendar”, “Deňsizlige garşy göreş” we “G7-niň Afrika bilen hyzmatdaşlygy” ýaly bölümlere gatnaşarlar.

Ýokary derejeli maslahatyň üçünji we soňky gününde bolsa “Klimat, tapawutly janly-jandarlar we okenlar” we “Sifrleýin özgeriş” atly bölümler geçiriler.

Liderleriň ikiçäk duşuşyklar geçirmeklerine garaşylýar.

Maslahata ady geçen liderlerden daşary BMG-nyň, Bütindünýä Bankynyň, Halkara Pul gaznasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasynyň, Bütindünýä Söwda guramasynyň we Halkara zähmet guramasynyň resmileri bilen birlikde Günorta Afrika, Burkina-Faso, Müsür, Senegal, Ruanda, Ispaniýa, Çili, Hindistan we Awstraliýa ýaly ýurtlaryň liderleri çagyryldy.

Maslahatyň ertir liderler tarapyndan geçiriljek metbugat ýygnagy bilen tamam bolmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar