Eýran üstünlikli ýagdaýda täze raketa synagyny geçirendiklerini mälim etdi

synagdan geçirlen raketanyň görnüşi barada maglumat bermedi

1257789
Eýran üstünlikli ýagdaýda täze raketa synagyny geçirendiklerini mälim etdi

 

Eýranyň ýarym resmi Tesnim habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Maşad şäherinde metbugata beýanat beren  Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň serkerdesi Hüseýin Selami, düýn üstünlikli ýagdaýda raketa synagyny geçirendiklerini aýtdy.

Selami, Eýranyň harby ulgamlaryny synagdan geçirmäge dowam edýändigini belledi.

Selami synagdan geçirlen raketanyň görnüşi barada maglumat bermedi.

CNN telewideniýesiniň 16-njy awgustda ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylaryna esaslanýan habarynda, Eýranyň hepdäniň dowamynda täze raketa synagyny geçirmek üçin taýarlyk görýändigi nygtalypdy

 



Degişli Habarlar