"ABŞ ýarag ýaryşyna taýar”

Russiýa bilen Hytaý, Orta aralykly ýadro güýçler şertnamasyndan çekilen ABŞ-ny ýarag ýaryşyna goşulmakda günäkärledi

"ABŞ ýarag ýaryşyna taýar”

Russiýa bilen Hytaý, Orta aralykly ýadro güýçler şertnamasyndan çekilen ABŞ-ny ýarag ýaryşyna goşulmakda günäkärledi we ABŞ-nyň orta aralykly raketa synagyny geçirmegi meselesini BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň gün tertibine getirdi.

Russiýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary Dmitry Polýanskiý, ABŞ-nyň Orta aralykly ýadro güýçler şertnamasyndan çekilmegini tankyt etdi we “ABŞ ýarag ýaryşyna taýar” diýdi.

Polýanskiý, strategik durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin ABŞ bilen gepleşik geçirmäge taýardyklaryny belledi.

Hytaýyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Žun bolsa “Hytaýyň gatnaşmagynda täze şertnama meselesini ara alyp maslahatlaşmak isleýändiklerini aýdan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa jogap berdi we ABŞ-nyň Hytaýy bahana edip şertnamadan çekilmeginiň kabul edilip bilinmejekdigini nygtady.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary Kohen hem Russiýany 10 ýyldan gowrak wagt bäri Orta aralykly ýadro güýçler şertnamasyny basgylamakda günäkärledi we ABŞ-nyň 6 ýylyň dowamynda Russiýanyň şertnama laýyklykda hereket etmegi etmegi üçin tagalla edendiklerini  we ahyry şertnamadan çekilmek barada karar kabul edendiklerini ýatlatdy

 

 

 



Degişli Habarlar