Eýran ýerli uzak aralykly raketa goranyş ulgamyny tanyşdyrdy

Eýran Russiýada öndürilýän S-300-den has güýçli we S-400-e ýakyn ukyba eýedigi öňe sürülýän ýerli uzak aralykly raketa goranyş ulgamyny tanyşdyrdy

1256743
Eýran ýerli uzak aralykly raketa goranyş ulgamyny tanyşdyrdy

Eýranyň “Bawer 373” atly ýerli uzak aralykly howa goranyş ulgamy paýtagt Tähranda Prezident Hasan Ruhaniniň gatnaşmagyndaky dabara bilen tanyşdyryldy.

Ruhani dabarada sözlän sözünde “Bawer 373” howa goranyş ulgamynyň S-300-den güýçli we S-400-e ýakyn ukyba eýedigini beýan etdi.

Eýranly resmiler tarapyndan rus önümi bolan S-300 goranyş ulgamyndan has ukyplydygy öňe sürülen “Bawer 373-iň” 200 kilometr alysdaky we 27 kilometr belentlikdäki nyşanalary uruş biljekdigi beýan edildi.



Degişli Habarlar